Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Siýýarto dünýäniň iň iri elektrik ulaglaryny öndürijileriniň biri bolan Hytaýyň «BYD Co.» kompaniýasynyň Ýewropada ilkinji zawodyny Wengriýanyň Seged şäherinde açmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Ministr zawodyň gurluşygynyň Wengriýanyň ykdysady taryhyna iň uly maýa goýumlarynyň biri boljakdygyny we müňlerçe täze iş orunlaryny döretjekdigini belledi. Seged şäheriniň häkimi Laslo Botka şäheriň geografik taýdan amatly ýerleşişi we logistika mümkinçiliklerine eýe bolmagy sebäpli beýleki bäsdeşleriň arasyndan saýlanandygyny aýtdy. Seged Serbiýa bilen serhetde we “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäklerinde Hytaý bilen bilelikde gurlan demir ýoluň golaýynda ýerleşýär. Elektrik ulaglary üçin litiý-ion batareýalaryny öndürmek boýunça birnäçe iri zawodlar Wengriýada eýýäm işleýär, şolaryň hatarynda Koreýanyň «Samsung» we Hytaýyň «CATL» kompaniýalaryna degişli zawodlar hem bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir