Ýörite tikinçilik hyzmatlaryny hödürleýän atelýä ýüzlenýän her bir zenan başga hiç kimde bolmadyk lybaslary arzuw edýär. Aşgabatdaky «Bahar» atelýesinde işleýän ussat hünärmenler diňe bir baýramçylyklar üçin däl, eýsem, gündelik durmuş üçin hem özboluşly lybaslary döredýärler. Moda pudagynda on ýyllyk tejribesi bolan atelýeniň esasy iş ugry türkmen milli äheňinde döwrebap lybaslary tikmekdir. Bular türkmen keşdeçilik sungatynyň gaýtalanmajak nagyşlary bilen bezelen owadan köýnekler, çabytlar, donlar, kürteler, şeýle hem dürli esbaplardyr. Her bir müşderä aýratynlykda çemeleşilmegi egin-eşikleriň özboluşlylygyny üpjün edýär. Zenanlar üçin täze lybas döredilende, atelýeniň dizaýnerleri we tikinçileri täze keşbi döredýärler, çünki müşderiniň ähli aýratynlyklaryny, şol sanda antropometrik maglumatlaryny, ýaşyny, iş ugruny we hatda häsiýetini hem göz öňünde tutýarlar. «Şahsy önüm» döredilende onuň maksady hem möhümdir. «Baharda» çylşyrymlylygyna garamazdan, islendik görnüşdäki köýnekleri ýa-da lybaslary, şol sanda agşamlyk üçin niýetlenen we toý lybaslaryny sargyt etmek mümkindir. Müşderiniň islegine laýyklykda, lybaslary el keşdesi, jähek, monjuk ýa-da bezeg zerleri (paýetka) bilen bezelýär. Atelýeniň dizaýnerleri köýnegiň biçüwini, matanyň görnüşini we bezegini saýlamaga kömek ederler. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda «Bahar» atelýesiniň işgärleriniň köp sanly gyssagly sargytlary bar, olary ýokary hilli we söýgi bilen ýerine ýetirip, tikinçiler müşderilerinde şatlyk, lybaslarynyň özboluşlylygyna we özleriniň gözelligine bolan ynam döredýärler. «Bahar» atelýesiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, 14-nji tapgyr, G.Ezizow (öňki Sowhoznaýa) köç., «Çaga» binasy. Telefon: (+993 65) 64 13 54.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir