«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary Türkmenistanyň kubogynyň finalynda Arkadag şäheriniň adybir toparynyň garşydaşy bolar. Serdar Geldiýewiň şägirtleri şu gün paýtagtyň «Nusaý» stadionynda geçirilen ýarymfinalyň jogap duşuşygynda Marynyň «Merwini» Meýlis Diniýewiň 74-nji minutda geçiren ýeke-täk goly bilen ýeňdiler. Bu barada «Janköýer» habar berýär. Beýleki ýarym finalda «Arkadag» topary «Altyn asyrdan» üstün çykypdy. Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň final duşuşygynyň geçiriljek ýeri we wagty barada goşmaça habar berler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir