«Ahalyň» futbolçysy Meýlis Diniýew Türkmenistanyň kubogy ― 2023-iň 50-nji goluny geçiren futbolçy boldy. Ol şu gün ýarymfinalyň «Ahal» ― «Merw» duşuşygynda ýer eýelerine ýeňşi getiren ýeke-täk goluň awtorydyr. Ýaryşyň şu möwsümindäki 50 goluň deň-ýaryny «Arkadag» toparynyň futbolçylary geçirdiler. Galan 25 golda bolsa «Ahalyň» 9, «Merwiň» 6, «Altyn asyryň» 4, «Aşgabadyň» 3, «Köpetdagyň» 2, «Şagadamyň» bolsa 1 golluk paýy bar. Balkanabadyň «Nebitçisi» bilen Marynyň «Energetigi» Kubok ýaryşynyň şu möwsüminde garşydaş derwezelere bir gol hem geçirip bilmedi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir