Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynda ýylyň başyndan bäri bir milliard iki ýüz otuz million kilowatt sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berilýär. Habarda bellenilişi ýaly, Daşoguzyň uly ätiýaçlyk kuwwatlyklaryna eýe bolan elektrik stansiýasy infrastrukturany ösdürmek hem-de welaýatyň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça dürli döwlet taslamalarynyň hem üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berýär. Mundan başga-da, ol ýurtda bitewi energetika halkasyny kemala getirýän howa arkaly çekilýän Balkan — Daşoguz elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynda möhüm halka bolup durýar. Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy sebitiň iň iri öňdebaryjy energetika düzümidir. Ol bütin dünýä meşhur «General Electric» amerikan kompaniýasynyň gazturbinaly enjamlary bilen üpjün edilen täze nusgaly kärhanadyr. Stansiýa her ýylda 1,5 milliard kilowatt/sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürip bilýär. Onuň kuwwatlyklary welaýatyň sarp edijiligine gerek mukdary üpjün etmek bilen birlikde, elektrik energiýanyň artykmaç bölegini ýurduň bitewi energiýa ulgamyna ibermäge mümkinçilik berýär. Stansiýada ähli önümçilik tapgyrlary ykdysady taýdan netijeli we daşky gurşaw üçin howpsuzdyr diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir