BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 48-nji umumy mejlisinde biragyzdan aşakdaky Kararnamany kabul etdi: «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşyklary berkitmek». Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen bu Kararnama 47 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi. Bu kararnama agza döwletleri durnukly ösüş üçin zerur bolan ähli ugurlarda ulag ulgamynyň we transport infrastrukturasynyň dowamly işlemegine we pugtalandyrylmagyna goldaw bermäge çagyrýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu möhüm ugurda gepleşikler üçin netijeli halkara platformalaryny döretmegiň başyny başlady. Şu nukdaýnazardan, 2016-njy ýylda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulaglar boýunça ilkinji global maslahaty, şeýle hem şu ýylyň tomsunda Türkmenistanda BMG bilen hyzmatdaşlykda guralan, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara duşuşygy üstünlikli geçirildi. 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň umumy mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde ulag ulgamyndaky Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişine ünsi çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir