Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky (ÝTÖB) «Azer­baý­jan Ha­zar de­ňiz da­şa­ýyş» (Azer­bai­jan Cas­pi­an Ship­ping Com­pa­ny/ASCO) ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­tine 60 million amerikan dollary möçberinde karz bermek baradaky çözgüdi tassyklady. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi. «Karz serişdeleri halkara amallary giňeltmek strategiýasynyň bir bölegi hökmünde «ASCO-nň» iki sany ýük gämisini satyn almagy üçin ulanylar. Bu taslama kompaniýanyň Hazar deňzinden daşky halkara suwlardaky amallaryny giňeltmegine, Hazarüsti ulag geçelgesiniň çäginde (Orta koridor) sebit aragatnaşygyny we söwda gatnaşyklaryny berkitmäge kömek eder» habarda bellenilýär. Ýeri gelende bellesek«Azer­baý­jan Ha­zar de­ňiz da­şa­ýyş» kompaniýasy 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda deňizde daşaýan ýükleriniň mukdaryny 21 göterim ýokarlandyrdy. Şu ýylyň 10 aýynyň dowamynda «ASCO-nyň» gämileri jemi 7,7 million tonna ýük daşady. Hususan-da, tankerde 4,3 million tonna, paromda 2,8 million tonna, ýük gämilerinde bolsa 600 müň tonna dürli görnüşli ýükler daşaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir