Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2023-nji ýyly FIFA-nyň reýtinginiň 141-nji basgançagynda tamamlady. Ýylyň jemleýji reýtingi düýn ― 21-nji dekabrda yglan edildi. Halkara gurama türkmen ýygyndysyna 1078,75 utuk berýär. Ýygyndy Filippinlerden bir basgançak aşakda, Antigua we Barboda döwletinden bolsa bir basgançak ýokarda ýerleşýär. Mergen Orazowyň şägirtleri 2023-nji ýylda daşary döwletleriň milli ýygyndylary bilen resmi we ýoldaşlyk duşuşyklarynyň sekizini geçirdiler. Şolaryň ilkinjisi 23-nji martda Malaýziýanyň ýygyndysy bilen myhmançylykda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygydyr. Türkmen ýygyndysy tamamlanyp barýan ýylda ahyrky duşuşygyny 21-nji noýabrda Dünýä kubogy ― 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäginde Gonkongyň ýygyndysy bilen geçirdi. 2023-nji ýylda ýygyndynyň ýeňşi ýok, üç sany deňligi bar. 2023-nji ýyly Argentinanyň ýygyndysy sanawyň birinji ornunda tamamlady. Ilkinji üçlükde Fransiýa bilen Angliýa bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir