«Hayyat Travel Luxury Agency» syýahatçylyk kompaniýasy Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlarynda Aşgabatdan uçmak arkaly Tailanda dürli görnüşli syýahatçylyk dynç alşyny hödürleýär. 22-nji dekabrdan başlap Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawynyň açylmagy netijesinde, ýurduň raýatlary üçin Tailanda syýahat etmek has-da gyzykly we elýeterli boldy. Türkmenistanyň raýatlary üçin Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugry boýunça iki taraplaýyn gatnawyň awiapeteginiň başlangyç bahasy: Uly ýaşly adamlar üçin — 12 415 manat; Çagalar üçin — 9 392 manat; Kiçijik körpeler üçin — 1 219 manat. «Hayyat Travel» kompaniýasy müşderilere syýahatyny has ýeňilleşdirmäge hem-de Tailand Patyşalygynyň — Bangkok, Pattaýa, Phuket, Ko Çang, Samui hem-de Krabi ýaly şäherlerinde ýatdan çykmajak derejede dynç almaga ýardam bermäge taýýardyr. Munda müşderileriň islegine we maddy serişde ýagdaýyna görä saýlamagy üçin onlarça görnüşli syýahat sapary bardyr. Syýahatçylygyň taýýar çözgütleri hem-de olaryň bahalary baradaky maglumatlary «Hayyat Travel» kompaniýasynyň sosial media ulgamyndaky sahypasyndan tapyp bilersiňiz. Syýahatçylyk agentliginiň hünärmenleri müşderileriň arzasyny resmileşdirmekden başlap, hatda iň talapkär syýahatçylaryň hem isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen, syýahatyň ähli tapgyrlarynda giňden ýardam bererler. 2023-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli «Hayyat Travel Luxury Agency» kompaniýasynda geljek ýylyň tomusky dynç alyş döwri üçin Antalýa, Kemer hem-de Bodrum şäherlerine syýahatçylyk saparyny deslapdan sargyt edip belläp goýmakda aksiýa dowam edýär. Syýahatçylar Türkiýedäki ýokary derejeli myhmanhanalarda 45%-e çenli arzanladylan bahadan bolmak, bölekleýin töleg geçirmek, şeýle hem «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň awiapeteklerini arzan bahadan satyn almak mümkinçiligine eýe bolup bilerler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir