Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki tikin kärhanasynyň hünärmenleri ýylyň başyndan bäri netijeli zähmet çekýärler. Olaryň irginsiz zähmeti netijesinde, kärhanada şu ýylyň geçen on bir aýynda dürli görnüşli, ýokary hilli tikin önümleriniň 344 müňe barabary taýýarlanylyp, bitirilen işleriň möçberi pul hasabynda 18,3 million manatda golaýlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Ýylyň başyndan bäri geçen hasabat döwrüniň meýilnamasyny has artygy bilen berjaý eden tikinçiler şu günler edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hususy kärhanalaryň buýurmalary esasynda dürli görnüşli önümleri taýýarlamagyň depginini barha artdyrýarlar. Habarda bellenilişi ýaly, kärhananyň önümleri müşderiler tarapyndan uly isleg bilen satyn alynýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir