Şu ýylda «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň başarjaň hünärmenleri tarapyndan öndürilen mawy ýangyjyň mukdary 10 milliard kub metre golaýlady. Şeýlelikde, müdirlik boýunça häzirki wagtda ýeriň astyndan tebigy gazy almak işleri ýyllyk meýilnamadan öňde barýar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, gazylyp alnan baýlyk gaýtadan işlenip, ondan alnan gaz kondensaty 36 müň tonnadan geçdi. Ýetilen sepgitde «Malaý» gaz käniniň gazçylarynyň mynasyp paýy bar. Käniň hünärmenleri tarapyndan üstümizdäki ýylyň geçen aýlarynda çykarylan tebigy gazyň möçberi 5,9 milliard kub metre golaýlady diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir