Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan kitap sergisi açyldy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär. «Magtymguly Pyragy — berkararlyk şygary» diýlip atlandyrylýan sergi Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň işgärleri tarapyndan guraldy. Sergide Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary, özi hakyndaky terjimehal kitaplary we nusgawy şahyryň durmuşy we döredijiligi baradaky beýleki neşirler hödürlenýär. «Kitaphanamyz her aý Aşgabadyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde şeýle tematiki sergileri guraýar — diýip, kitaphanaçy Leýla Annamyradowa belleýär. — Biz Magtymguly Pyragynyň poeziýasynyň ruhy we ahlak taýdan ähmiýeti barada okuwçylara gürrüň berýäris we olary dürli dillerdäki taryhy hem-de häzirki zaman edebi neşirleri bilen tanyşdyrýarys». Sergi Çeperçilik akademiýasynda bir hepde dowam eder. Bu döwürde talyplar şahyryň döredijiligi bilen has içgin tanşyp, öz eserleri üçin ylham alyp bilerler. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebiniň sergi zalynda talyp suratkeşleriň Magtymguly Pyragynyň keşbine bagyşlanan sergi-bäsleşigi geçirilýär.