Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Telekeçiler mekdebi Aşgabatda täze okuw kurslaryna ýazylyşygy yglan etdi. Bu barada TSTB-niň web sahypasynda habar berildi. Okuw kurslary şu aşakdaky ugurlar boýunça geçiriler: buhgalteriýa we maliýe hasabatlylygynyň esaslary; 1C buhgalteriýa hasaplamasy; işgärleri dolandyrmak we arhiw işi; 1C-niň kömegi bilen işgärleri dolandyrmak; gid-terjimeçi; kompýuter sowatlylygy (3 dereje); topograf; sanly marketing we sanly mahabat; Okuw ýokary hünärli hünärmenleriň mugallymçylyk etmeginde rus we türkmen dillerinde, irden we agşam geçiriler. Okuw tamamlanandan soň, talyplar degişli şahadatnama eýe bolarlar. Sapaklar şu salgyda geçiriler: Aşgabat şäheri, Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý, aşakky gat. Goşmaça maglumat we hasaba alynmak üçin şu belgilere jaň edip bilersiňiz: (+993 12) 22-88-38; 22-71-37 sagat 9:00-dan 17:00-a çenli (13:00-dan 14:00-a çenli arakesme). Gerekli resminamalar: arza, pasport hem-de onuň göçürmesi, 3x4 ölçegdäki surat.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir