Şu gün, 22-nji dekabr agşamynda Moskwa şäherindäki Lužnik halkara boks merkezinde Pravda Boxing promouşeniniň nobatdaky tutluşyk agşamy geçiriler. Agşamyň esasy tutluşygy russiýaly boksçy Şamil Hataýew bilen tanzaniýaly Piusa Mpendynyň arasynda geçiriler. Agşamyň deslapky kardyna türkmenistanly türgen Ýunus Gurbanow hem gatnaşýar. Ol russiýaly Sergeý Seliwerstow bilen tutluşar. Tutluşyk 4 döw dowam eder. Agşama göni ýaýlymda Pravda Boxing-iň YouTube-däki kanalyndan tomaşa edip bolar. Şeýle hem tutluşyk promouşeniň Wkontakte jemgyýetçilik torundaky sahypasynda-da görkeziler. Russiýanyň «Matç Boýes» teleýaýlymy bolsa tutluşyklaryň gaýtalamasyny görkezer. Agşamyň tutluşyklarynyň Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanmagyna garaşylýar. Ýunus Gurbanow Pravda Boxing bilen şu ýylyň awgust aýynda şertnama baglaşdy. Promouşendäki ilkinji tutluşygynda ol Dmitriý Andreýewden üstün çykdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir