«Türkmenhowaýollary» agentliginiň amala aşyrýan halkara gatnaw ugurlarynyň sany artdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Aşgabat — Bangkok — Aşgabat ugry boýunça göni howa gatnawy ýola goýuldy. Aşgabat — Bangkok ilkinji howa gatnawyny täze satyn alnan, häzirki zaman «Boeing 777-300» kysymly täze ýolagçy uçary amala aşyrýar. Şeýle kysymly uçarlar ýokary tygşytlylygy, amatlylygy bilen tapawutlanýarlar we olar 368 ýolagça niýetlenendir. Bu uçarlaryň uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetýär. Olaryň uçuş tizligi bolsa sagatda 905 kilometre deňdir. Bu uçarlaryň enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar peýdalanylypdyr. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň amala aşyrýan halkara gatnawlarynda täze ugruň açylmagy ýolagçy gatnawlaryna artýan islegleri kanagatlandyrmaga ýardam eder. Aşgabat — Bangkok göni howa gatnawy Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ugrunda Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyny has-da artdyrar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir