Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara topar döredildi we şol toparyň düzümi, şeýle hem topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şu gün — 22-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, resminama Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 71-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň işini kämilleşdirmek we bu ugurda işleriň utgaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir