Türkmenistanda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalar tarapyndan dekabr aýy üçin zähmet haklary doly tölenildi. Şunuň bilen birlikde, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary üçin hem doly töleg geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Hökümet mejlisinde mälim etdi diýip, TDH ýazýar. Ýurduň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklary esasynda aýlyklaryň 20-nji dekabra çenli doly tölenendigi barada hasabat berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir