Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün — 22-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, täze, 2024-nji ýyl beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dürli forumlary, duşuşyklary, sergileri, konsertleri we aýdym-sazly dabaralary guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlaryny geçirmek, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň netijelerini jemlemek meýilleşdirilýär. Hasabatyň dowamynda täze ýylyň ilkinji gününde göz öňünde tutulan dabaralar barada aýratyn durlup geçildi. Hususan-da, Söwda-senagat edarasynyň binasynda çagalar üçin baýramçylyk çäreleri guralar. «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, Döwlet sirkiniň, welaýatlaryň hem-de Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançalaryndaky Baş arçanyň ýanynda köp sanly dabaralar geçiriler. Geljek aýyň esasy çäreleriniň hatarynda Şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň zenan suratkeşleriniň gatnaşmagynda ussatlyk sapaklary we maslahat, «Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat, Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýünde Türkmen milli lybaslarynyň görkeziliş dabarasy, zehinli çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy, 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat we sergi bar. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljek ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutany bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir