22-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda tamamlanyp barýan ýylda durmuş-ykdysady ösüşiň netijeleri we 2024-nji ýyl üçin meýilnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýangyç-energetika toplumyny we senagat ulgamyny ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns çekildi. Şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we öňde boljak birnäçe çäreler barada durlup geçildi. 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek çäreler 1 — 10-njy ýanwar aralygynda Türkmenistanda Täze ýyl mynasybetli çagalaryň baýramçylyk dabaralary geçiriler. Baýramçylygyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çagalaryň jemi 4 müňüsine sowgatlar gowşurylar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlary geçiriler. Türkmen we eýranly suratkeşler şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisini, ussatlyk sapaklaryny we bilelikdäki forum geçirerler. «Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçiriler. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modalar öýünde türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi bolar. Zehinli çagalara Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy bolar. 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahat we sergi guralar. Maliýe 20-nji dekabra çenli Türkmenistanda eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalaryň işgärlerine zähmet haklary doly tölendi, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary doly maliýeleşdirildi. Ýangyç-energetika toplumy Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna nebiti çuňňur gaýtadan işlemek boýunça degişli desgalary kämilleşdirmek işleri alnyp barylýar. Senagat Türkmenistanyň Balkan welaýatynda ýerleşýän «Guwlyduz» kombinatynda ekologik taýdan arassa we ýokary hilli duzlaryň dürli görnüşleriniň önümçiligine gönükdirilen döwrebap önümçilikler dörediler. Ulaglar ulgamy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça pudagara toparyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi. Halkara hyzmatdaşlygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 49-njy plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Türkmenistan BMG-niň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda işlenip taýýarlanylmagy teklip edilen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň esasy ugurlaryny we many-mazmun taýdan görnüşini kesgitlemek wezipelerini ýerine ýetirjek iş toparyny döreder. Onuň düzümine Bitaraplygyň dostlary toparyna girýän döwletleriň wekilleri girip bilerler. Türkmenistan BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyny işläp taýýarlamaga girişer. Degişli işler 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde başlanar. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Adalatçynyň diwanynyň gurluşynda çagalaryň, zenanlaryň we telekeçileriň hukuklaryny goramak boýunça täze ugurlary açmak baradaky teklibi beýan etdi. Medeniýet «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny sanly we neşir görnüşinde taýýarlamak, şeýle hem türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujysy hakynda internet-portalyny döretmek ugrunda degişli işleri alyp barýar. Mundan başga-da, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý poçta markalarynyň şekil taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredijilik bäsleşigi geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir