Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow 22-nji dekabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow nebithimiýa senagatyny kämilleşdirmek hem-de döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek maksady bilen, döwlet konserniniň düzümlerinde zerur işler, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgalaryny döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynda önümçilik kärhanalarynyň, hususan-da, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň doly taslama kuwwatynda işledilmeginiň döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny nygtady. Serdar Berdimuhamedow bu zawodlaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir