Täze ýyl — ýakynlarymyz bilen jem bolup, ýakymly arzuwlar edip, sabyrsyzlyk bilen garaşýan jadyly, täsin pursatlarymyz. Bu baýramçylyga has-da ajaýyp öwüşgin çaýmagy maksat edinip, «Sinalco» kompaniýasy «Cola Lime», «Cola Cherry» we «Cola Mango» ýaly özboluşly tagamly täze içgileri öndürdi. Içgileriň täze tapgyry — bu adaty klassiki kolanyň miweleriň asylky datlylygy bilen birleşdirilen tagamydyr. Üljäniň terligi sizi güneşli baga äkider, mangonyň ekzotikasy sizi tropiki dünýä syýahat ýollar we laýmyň sergin tagamy bolsa yssylaýan mahalyň öwüsýän salkyn şemal ýaly göwnüňi göterer. «Cola Lime», «Cola Cherry» we «Cola Mango» içgileri size güýç berip, şähdiňizi açar. Eýýäm häzirden 0,5 litr göwrümli gaplardaky täze «Sinalco» içgileri Türkmenistanyň dükanlarynda we supermarketlerinde alyjylara ýetirilýär. «Sinalco» kompaniýasy ýetip gelýän Täze ýylyň hem edil täze içgileriniň tagamy ýaly datly bolmagyny arzuw edýär!

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir