Täze ýylyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň meşhur estrada aýdymçysy Durdy Durdyýewiň hem-de Gözel Orazmyradowanyň şou-konserti geçiriler. 2023-nji ýylyň 28-nji dekabrynda «Watan» kinokonsert merkezinde geçiriljek konsert sagat 18:00-da başlanar. Baýramçylyk ruhunda geçjek konsertiň dowamynda aýdym-sazly çykyşlar, aýdymçylaryň diňleýjileriň arasynda uly meşhurlyk gazanan eserleri tomaşaçylara hödürlener. Habarlaşmak üçin: 92-18-65. Ozal Täze ýylyň öňüsyrasynda Aşgabatda daşary ýurtly ýyldyz aýdymçylaryň birnäçesiniň konsertleriniň geçiriljekdigini habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir