Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiligi Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň çäginde Söwda we maýa goýumlaryny goldamak boýunça ýokary derejeli toparyň 9-njy mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy habar berýär. Gün tertibindäki meseleler özara söwdany gowulandyrmak, energiýa, senagat we işgärleri taýýarlamak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy öz içine aldy. Gepleşikleriň dowamynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Gurbanow, toparyň rus tarapyna Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaç ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykdan soň Teswirnama gol çekildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir