Türkmen paýtagtynda «Terneartshop» atly täze sungat eserleriniň dükany açyldy. Dükanda sungat eserleriniň köpdürli görnüşleri, şol sanda nakgaşlyk eserleri, grawýuralar, heýkeller, şeýle-de aýnadan, keramikadan, metaldan we beýleki materiallardan ýasalan önümler alyjylara hödürlenýär. «Terneartshop» dükanyndan Türkmenistanyň meşhur sungat ussatlarynyň hem-de ýaş hünärmenleriniň döreden işlerini tapmak bolýar. Hakyky sungat eserleri — bu diňe bir öýe ajaýyp bezeg bermek bilen çäklenmän, eýsem ýakynlaryňyz hem-de dostlaryňyz üçin täsin sowgatlyk bolar. Olar şahsy stili hem-de dünýägaraýşy şöhlelendirmek bilen, interýeriň özboluşlylygyny döreder. «Terneartshop» dükanynda alyjylaryň dykgatyna nusgawy peýzažlardan we natýurmortlardan başlap, häzirki zaman abstrakt işlere çenli dürli stilde, žanrda hem-de tehnikada ýerine ýetirilen sungat eserleri hödürlenýär. «Biz ýurdumyzyň zehinli suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň hem-de amaly-haşam sungat ussatlarynyň baý hem köpgyraňly döredijiligi bilen tanyş etmek isleýäris. Dükanymyzdan her kimiň özüne ýaraýan ajaýyp eseri tapyp biljekdigine ynanýarys» – diýip, «Terneartshop» dükanynyň wekili belleýär. «Terneartshop» dükanynyň ýerleşýän salgysy: «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi, B232 dükany. Habarlaşmak üçin: telefon belgileri: (+993 62) 42 22 97, (+993 64) 69 83 66; sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir