Habar berşimiz ýaly, 23-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda Gaznanyň müdiriýetiniň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysynyň, Arkadag şäheriniň häkiminiň gatnaşmaklarynda gaznanyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde degişli hasabatda bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna, ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen, jemi 260 operasiýa geçirildi. Şol sanda 117 sany ýürek-damar kesellerinde, 102 sany ortopediýa kesellerinde we beýleki birnäçe keseller boýunça barlag bejergileri geçirildi. Mundan başga-da, 47 sany çagada saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirildi. 54 çaga saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi. Şu ýylyň iýun aýynyň 29-na açylyp ulanmaga berlen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi üçin ýuz tutan jemi 274 çagadan 212-si kabul edilip, olara toplumlaýyn saglygy dikeldiş bejergisi geçirildi. Häzirki wagtda 34 çaga sagaldyş-dikeldiş bejergisini alýar. Merkezde bejergi alan çagalaryň arasynda sözleýiş taýdan yza galýan jemi 85 çaga bolup, olaryň 45-sinde netijeli bejergiler geçirildi. Serebral ysmaz keselli jemi 113 çaganyň 65-siniň bejeriş-sagaldyş bedenterbiýe bejergisini almagy bilen, olaryň elleriniň hereket we aýaklarynyň ýöremek endikleri dikeldildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bagyna kabul edilen 58 çaganyň 18-si dürli kesel kesgitlemeleri bolan we 40-sy sagdyn çagalardyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir