Önümçilik işlerini Çärjew etrabynyň çäginde alyp barýan «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygy barha artýar. Ýakynda kärhana Hytaý Halk Respublikasyndan önümçiligi artdyrjak we önümleriň hilini ýokarlandyrjak tehnologik gurluşlaryň uly toparynyň gelip gowuşmagyna garaşylýar. Bu barada Jeyhun.news ýazýar. Habarda bellenilişi ýaly, hususy kärhananyň önümlerini Ýewropa bazaryna çykarmak maksady bilen, germaniýaly işewürler bilen gepleşikler hem alyp barýarlar. Hususy kärhanada ýurduň gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan izogam, kalikum, kerpiç ýaly gurluşyk önümleri öndürilýär. Häzirki wagtda «Mizemez gadamda» öndürilýän izogam Türkiýe, Özbegistan, Gazagystan, Azerbaýjan, Gruziýa ýaly döwletlere eksport edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir