23-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda Gaznanyň müdiriýetiniň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysynyň, Arkadag şäheriniň häkiminiň gatnaşmaklarynda gaznanyň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisden soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň binasynyň eýwanynda oturdylan Täze ýyl arçasynyň ýanynda guralan dabaralara gatnaşýan çagalaryň ýanyna bardy. Bu ýerde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli çagalaryň şowhunly çykyşlary, belent ruha beslenen aýdym-sazlary ýaýbaňlandyryldy. Şadyýan çagalar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny uly ruhubelentlik, şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Olar joşgunly çykyşlary ýerine ýetirdiler, ajaýyp goşgulary aýdyp berdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow bagtyýar çagalary Täze ýyl bilen gutlap, olara baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdy. Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir