23-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda Gaznanyň müdiriýetiniň agzalarynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysynyň, Arkadag şäheriniň häkiminiň gatnaşmaklarynda gaznanyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işler, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik we halkara durmuşynda ýaýbaňlandyrylan wakalar hem-de öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Mejlisiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan şu ýylda alnyp barlan işleriň jemi jemlendi. Hususan-da, mejlisiň gün tertibine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, gaznanyň serişdeleriniň sarp edilişi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan alnyp barlan işler bilen baglanyşykly meseleler we beýleki birnäçe soraglar girizildi. Mejlisde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, howandarlyga mätäç çagalarda keseli anyklaýyş we bejeriş işlerini geçirmek bilen bagly sarp ediş serişdelerini satyn almak üçin, 200 müň amerikan dollaryny gaznanyň pul serişdeleriniň hasabyna tölemek boýunça ýüztutma esasynda Gaznanyň degişli çözgüdiniň işlenip taýýarlanylandygy barada aýdyldy. Mejlisiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň howandarlyga mätäç çagalarda keseli anyklaýyş we bejeriş işlerini geçirmek bilen bagly sarp ediş serişdelerini satyn almagy üçin degişli çözgüde gol çekdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir