Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň köpugurly «Nebitmaş» döwlet kärhanasy içerki we daşarky bazarlar üçin önümleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär. Kärhananyň sargyt ediji müşderileri ýurduň nebitgaz we elektroenergetika senagatynyň, şeýle hem halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň düzümindäki bölümler bolup durýar. «Nebitmaş» şu önümleri öndürýär: - nebit we gaz guýulary burawlananda toz görnüşli materiallary taýýarlamak, agramlamak we saklamak üçin niýetlenen önümler, AGP haryt nyşanly nebit akymyny awtomatiki gyzdyryjy enjamlar, gaz gyzdyryjylary, terminaldan gämä nebit önümlerini akdyrmak, deňiz-derýa tankerlerinden we ş.m. nebit önümlerini geçirmek we ýüklemek üçin niýetlenen URU-300 gurnamalary; - daşky bloklar, transformator we yşyklandyryş stansiýalary, ýokary woltly goraýjylar we dürli modifikasiýaly birleşdiriji armaturlar, izolýatorlar, şol sanda ýokary woltly liniýalar üçin niýetlenen izolirlenmedik we izolirlenen simli ŞF-20 farfor izolýatorlar; - demir gaplar; dürli ölçegdäki gaz peçleri we ýylylyk çalşygy bolan dürli göwrümdäki ýyladyş gurnamalary;

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir