Geçen tomus Arktikada gözegçiligiň taryhyndaky iň yssy tomus boldy. ABŞ-niň Milli umman we atmosfera müdirliginiň (NOAA) hasabatyna görä, ortaça temperatura 6,4 gradusa deň boldy – bu 1900-nji ýylda başlanan dowamly gözegçiligiň çäklerinde hasaba alnan iň ýokary görkezijidir. Gözlegler Arktikada ýylamagyň 1940-njy ýyllarda başlanandygyny görkezdi. Şol döwürden başlap, ortaça ýyllyk temperaturasy 10 ýylda 0,25 gradus, tomsuň ortaça temperaturasy bolsa 0,17 gradus ýokarlandy. Alymlar 2023-nji ýylda Grenlandiýanyň buz gatlagynyň iň beýik nokadynyň eremä sezewar bolandygyny bellediler. Bu soňky 34 ýylda bäşinji gezek bolup geçdi. Umuman, 2023-nji ýyl Arktikanyň iň yssy ýyl boldy. Deňiz buzlarynyň göwrümi kiçelmegini dowam edýär. 2023-nji ýylyň awgust aýynda deňziň üstki ortaça temperaturasy 1991-2020-nji ýyllaryň ortaça derejesinden 5-7 gradus ýylydy. Alymlar Arktikadaky üýtgeşmeleriň ýerli halklar we täjirçilik kärhanalary üçin möhüm bolan balykçylyga gönüden-göni täsir edýändigini bellediler. Şeýlelik bilen, ýylylyk stresi sebäpli balyklaryň sany azalýar. Şeýle hem Arktikada ýagyşyň artýandygy, ýaşyl zolaklaryň we gyrymsy ösümlikleriň köpelýändigi görülýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir