“Gramota.ru” portaly “neýroulgam” sözüni 2023-nji ýylyň sözi hökmünde saýlady. Bu barada portalyň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär. “2023-nji ýylyň sözi “neýroulgam” boldy. Ol deňagramly görkezijileriň – uly maglumatlary, gözlegleriň ýygylygyny seljermegiň, öňdebaryjy hünärmenleriň: lingwistleriň, sosiologlaryň we beýleki hünärmenleriň baha bermekleriniň esasynda saýlandy” – diýlip habarda aýdylýar. Bu söz 75%-den gowrak ses aldy. Onuň yzyndan “jipiti/GPT” (58%), “baza” (43%) we “gaýdyp gelijiler” (41%) gelýär. Bellenilişi ýaly, ýylyň sözüni saýlamakda möhüm görkeziji onuň rus dilinde ýeterlik derejede özleşdirilenligi boldy. Söz rus diliniň dürli maglumat kitapçalaryndan we sözlüklerinden materiallary öz içine alýan “Gramota.ru” portalynyň meta-sözlügine giriziler. Munuň üçin onuň doly derejeli sözlük beýany düzüler diýip, portalyň metbugat gullugy belleýär. “Gramota.ru” portalynyň sözlüklerinde 5 milliondan gowrak makala jemlenendir. Portalyň ýyllyk auditoriýasy 20 million adama barabar, görüşleriň sany her aýda 7 milliondan gowrak. 23 ýylyň dowamynda maglumathana gullugy ulanyjylaryň soraglaryna 300 müňe golaý jogap taýýarlady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir