Global Traveler amerikan syýahat žurnaly ses berişligiň netijesini yglan etdi we dünýäniň howa menzilleriniň arasynda iň gowusyny atlandyrdy. Ol Türkiýäniň iGA Istanbul Airport howa menzili boldy. Bu barada russiatourism.ru habar berýär. Ses bermäge 500 müňe golaý okyjy gatnaşdy. Ýeňiji GT Awards baýrak gowşurylyş dabarasynda gutlandy. Türkiýäniň bu howa menzili eýýäm yzygider ikinji ýyl dünýäniň howa merkezleriniň reýtinginde öňdebaryjylygy saklap, “Dünýäniň iň gowy howa menzili” nominasiýasynda ýeňiji bolýar. Stambulyň howa menzili ýene dört titula mynasyp boldy: “Ýewropanyň iň gowy howa menzili”, “Iň gowy iýmitli we içgili ýeri bolan howa menzili”, “Iň gowy şopping tejribeli howa menzili” we “Ýewropada iň gowy gümrük haksyz söwda tejribesi bolan howa menzili”. Los-Anjelesde geçirilen dabarada Stambulyň iGA howa menziliniň korporatiw aragatnaşyk boýunça müdiri Gökhan Şengül howa menziliniň baýraklary almagyna uly buýsanç bildirdi. Ol soňky bäş ýylda howa menziline gelip-giden 200 milliondan gowrak ýolagçynyň innowasion ykjam tehnologiýalara, durnukly ösüşe we türk myhmansöýerligine ýokary baha berendigini belledi. “Biz syýahaty ýeňil, lezzetli we garaşylandan has gowy edýäris. Global Traveler-iň okyjylaryna goldawlary we ýokary bahalary üçin minnetdarlyk bildirýäris” – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir