«Apple» korporasiýasy 2024-nji ýylda dakynyp bolýan enjamlary öndürmäge ünsi jemlär. Bu barada lenta.ru «Bloomberg» neşirine salgylanyp habar berýär. Bellenilmegine görä, indiki ýyl kompaniýa «iPhone» bilen çäklenmez. Hünärmenler korporasiýanyň dakynyp bolýan enjamlara ünsi jemlejekdigini, olaryň ilkinjisiniň «Vision Pro» giňeldilen hakykat äýnegi boljakdygyny aýdýarlar. Enjam ýanwar-fewral aýlary aralygynda satuwa çykarylar. Ol iýun aýynda tanyşdyrylypdy. Şeýle hem kompaniýa gulaklyklarynyň täze neslini tanyşdyrar. «AirPods 4» iki nusgada – daşky gohy işjeň basmak funksiýasyny goldaýan we bu aýratynlygy bolmadyk görnüşlerde peýda bolar. Mundan başga-da, meýilleşdirilen gulaklykda eşidişi pesler üçin eşitdiriş enjamynyň funksiýasy bolmaly, bu bolsa «Apple-iň» «milliardlarça dollarlyk gulaklyk pudagyny üýtgedip gurmagyna» mümkinçilik berer. Şeýle hem IT ägirdiniň «Apple Watch-yň» täze lukmançylyk funksiýalary – arterial gan basyşyny we uky apnoesini ölçemek ukyby bilen üpjün ediljek täze neslini tanyşdyrjakdygy bellenilýär. Däp boýunça kompaniýa güýzde smartfonlaryny – «iPhone 16» neslini yglan eder.