«iPhone 16» nesline degişli smartfonlarda täze düwme peýda bolar diýip, «Bloomberg» habar berýär. Bellenilmegine görä, düwme enjamyň sag gyrasynda ýerleşer. «Apple» smartfonlarynyň amerikan nusgalarynda bu ýerde «mmWave» antennasy ýerleşýär, ol bolsa çep tarapa geçiriler. Çeşme täze düwmäni şertli «Surata almak düwmesi» (Capture Button) diýip atlandyrýar. Düwmäni basmak bilen çalt surata düşürmegiň ýa-da wideoýazgy etmegiň mümkindigi bellenilýär. Bu basyşyň güýjüni kesgitlemäge we aýratyn buýruklary işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýän mehaniki däl-de, sensorly dolandyryş elementi bolar. «Capture Button» düwmesiniň «iPhone 16» nesline degişli ähli smartfonlarda peýda boljakdygy aýdylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir