Apple amerikan kompaniýasy Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda bolup geçen ýertitremäniň netijelerini ýok etmäge kömek eder. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri Tim Kuk Weibo sosial ulgamyndaky akkauntynda hytaý we iňlis dillerinde ýazdy. “Gansudaky ýertitreme we onuň netijeleri, hakykatdanam, weýrançylykly. Apple-de biz ejir çekenler barada pikir edýäris we ýerlerde kömek bermek hem dikeldiş işleri üçin serişde bereris” – diýip, Kuk belledi. Duşenbe güni, 18-nji dekabrda Aşgabat wagty bilen 20:59-da Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda 6,2 bal ululykda ýertitreme bolup geçdi. Netijede käbir suw üpjünçiligi, elektrik üpjünçiligi, transport, aragatnaşyk we beýleki infrastruktura desgalaryna zeper ýetdi. Hytaýyň Maliýe ministrligi we Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş ministrligi Gansu welaýatyna 200 mln ýuan (takmynan, $28 mln) bölüp berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir