Kanadanyň daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ministri Stiwen Gilbo 2035-nji ýyldan ýurtda benzin ýa-da dizel ýangyçlarynda işleýän ýeňil awtomobilleriň satuwyny gadagan etmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Olar elektromobiller we zarýad berilýän gibridler bilen çalşyrylar. Ýurt kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny nola getirmegi maksat edinýär diýip, MIR 24 habar berýär. Ýurtda eýýäm bu meýilnamany durmuşa geçirmäge taýýarlyk görlüp başlandy, ol tapgyrlaýyn ýerine ýetiriler. Her bir awtoöndüriji ilki bilen bazara elektrik hereketlendirijili awtomobilleri ýa-da birikdirilýän gibridleri, iň bolmanda, az göterimde hödürlemeli. 2026-njy ýylda şeýle “ekomobilleriň” paýy 20%, 2027-nji ýylda 25%, 2028-nji ýylda 34%, 2029-njy ýyla çenli 49%, 2030-njy ýyla çenli 60% bolmaly. Göterim 2035-nji ýylda 100%-e ýetýänçä ýokarlanar. Gilbonyň aýtmagyna görä, täze düzgünler diňe az litražly modellere, sedanlara, hetçbeklere däl, eýsem pikaplar bilen ýolsuz ýerden ýöremäge ukyply awtomobillere-de degişli bolar. Bu üýtgeşmeler 2025-nji ýyldan soň gurlan ýaşaýyş jaýlaryna hem täsir eder – olarda zarýad stansiýalaryny ýerleşdirmek üçin goşmaça mümkinçilikler göz öňünde tutular. Şeýle-de, döwlet satuw meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetiren awtoöndürijilere goldaw çäresini berer diýip, CBS News habar berýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir