Ýaponiýanyň Toyota kompaniýasynyň Daihatsu golçur kärhanasy heläkçilik-synag maglumatlary we ulagyň işleýşiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly beýleki düzgün bozmalar babatdaky dawa sebäpli, Ýaponiýada we daşary ýurtlarda awtoulaglarynyň iberilmegini wagtlaýynça togtadar. Bu barada Toyota-nyň web sahypasynda habar berildi. Hasabatda: "Garaşsyz komissiýanyň derňewi aprel we maý aýlarynda gapy örtgüsi we gapdal çaknyşmany barlamak bilen baglanyşykly düzgün bozmalardan başga-da, 25 synag kategoriýasynda 174 sany täze düzgün bozma tapyldy" - diýilýär. Umuman alanyňda, düzgün bozmalar Toyota markasy bilen satylan 22 modeli goşmak bilen, Daihatsu-nyň 64 modelini öz içine alýar. Bu ýerde gürrüň Toyota Probox, Town Ace, Roomy, Pixis awtoulaglary hakda gidýär. "Bu çykarylan netijelere jogap hökmünde Daihatsu kompaniýasy Ýaponiýada we daşary ýurtlarda öndürilýän Daihatsu-nyň ähli modelleriniň iberilmegini wagtlaýyn togtatmak kararyna geldi. Toyota hem zyýan çeken modelleriň iberilmegini wagtlaýynça togtatmak kararyna geldi. Biz ähli gyzyklanýan taraplardan, şol sanda müşderilerimizden ýüze çykan oňaýsyz ýagdaý we aladalar üçin tüýs ýürekden ötünç soramak isleýäris. Daihatsu mundan bu ýana häkimiýetler bilen ýagdaýy hasam aýdyňlaşdyrjakdygyny we olaryň ýolbaşçylygynda ähli zerur çäreleri görjekdigini" aýtdy.