Ford Hindistanyň Çennai şäherindäki (Tamilnad ştaty) awtoulag gurnama zawodyny satmakdan ýüz öwürdi, bu kompaniýanyň dünýäde üçünji iri awtoulag bazaryna dolanmak niýetiniň bardygyny görkezýär. Bu barada The Economic Times gazeti çeşmelere salgylanyp ýazýar. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, Ford dekabr aýynyň başynda ýurtdaky soňky zawodyny hindi JSW Group-a satmak baradaky 100 million dollarlyk geleşigini garaşylmadyk ýagdaýda ýatyrdy we indi bu kärhanany satmak islemeýär. Ford India-nyň wekili neşire: "Çennai-däki zawodymyz üçin alternatiw wariantlary gözlemegi dowam etdirýäris" – diýip tassyklady. Ýylda 150 000 awtoulag we 340 000 hereketlendiriji öndürýän Çennai zawody koronawirus pandemiýasy bilen bagly Hindistanda ýolagçy awtoulaglaryna bolan islegiň azalmagy sebäpli 2022-nji ýylyň iýul aýynda ýapylypdy.