«Toyota» Ýaponiýada «Crown Sport» krossoweriniň 306 at güýji kuwwaty bolan gibrid hereketlendiriji bilen üpjün edilen görnüşini tanyşdyrdy. Awtoulag 2,5 litrlik benzin motory we reduktorly parallel gibrid hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Krossowerde onuň elektrik bilen hereket edende 90 km aralygy geçmegini üpjün etjek ýokary sygymly çekiş batareýasy ornaşdyryldy. 55 litrlik benzobakdaky ýangyjy göz öňünde tutsak, awtoulagyň geçip bilýän umumy aralygy 1,2 müň kilometre ýetýär. Awtoulag ähli tekerleri hereketli ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr. Inženerler täze nusgada amortizatorlary üýtgedip, kuzowyň berkligini ýokarlandyrmak üçin goşmaça diregleri (rasporka) ýerleşdirdiler. Gibrid görnüşli «Crown Sport» 38 minutda batareýa 80% zarýad berip bilýän çalt zarýad beriş tehnologiýasy bilen üpjün edilendir. Şeýle hem ulag öýi elektrik bilen üpjün etmek üçin daşarky güýç çeşmesi hökmünde hem ulanylyp bilner. Krossoweriň täze görnüşi Ýaponiýada 7,65 million ýen (53 müň dollar) bahadan satylar. «Toyota» her aý bu modele degişli 300 awtoulagy öndürmegi maksat edinýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir