Toyota Motor konserni howpsuzlyk ýassyklary bilen bagly mümkin bolan näsazlyklar sebäpli ABŞ-da 1 milliona golaý awtomobili yzyna gaýtarmak kararyna geldi. Bu barada Kyodo agentligine salgylanyp, Report habar berýär. Bellenilişi ýaly, gürrüň öňdäki ýolagçy oturgyjynda ýolagçyny anyklaýyş ulgamynyň datçiginiň näsazlygy barada gidýär. Bu gysga wagtlyk utgaşma getirip biler. Netijede, howpsuzlyk ýassygy çaknyşykda işlemän biler we bu şikes almak howpuny döreder. Kompaniýa bu näsazlyk sebäpli zyýan çekenleriň bardygy ýa-da ýokdugy barada teswir bermekden saklandy. Toyota 2020-nji ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda öndürilen birnäçe modelleri, şol sanda Camry, Corolla sedanlaryny, RAV4 krossowerini hem-de Lexus ES we RX awtomobillerini anyklaýyş işlerini geçirmek we zerur bolan ýagdaýynda bejermek üçin yzyna gaýtarmagy meýilleşdirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir