20-nji dekabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 25-nji hem-de 26-njy tapgyrlarynyň wagty süýşürilen duşuşyklary geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär. 25-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygynda «Şagadam» öz meýdanynda «Altyn asyry» kabul etdi. Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşykda paýtagtymyzyň topary 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda bolsa «Arkadag» topary nobatdaky ýeňşini gazandy. Wagtyndan öň ýurduň futbol birinjiliginiň ýeňijisi bolan «Arkadag» topary 26-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygynda «Köpetdagdan» 3:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» topary futbol çempionatynyň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda çempionlyk derejesini gazanmagy başarypdy. Ikinji orny bolsa «Altyn asyr» topary eýeledi. Häzirki wagtda ýaryş tertibinde üçünji orun ugrunda ýiti göreş dowam edýär. Bu göreş «Nebitçi» bilen «Ahal» toparlaryň arasynda dowam edýär. 25-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy: «Şagadam» – «Altyn asyr» – 1:2 Gollar: 57 Yhlas Magtymow – 45+3, 90+5 Wahyt Orazsähedow. 26-njy tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy: «Köpetdag» – «Arkadag» – 0:3 Gollar: 31, 39 Altymyrat Annadurdyýew, 50 Mekan Saparow. Çempionatyň tablisasy: T/b Toparlar O Ý D U T U 1. «Arkadag» 24 24 0 0 83-17 72 2. «Altyn Asyr» 22 16 2 4 54-24 50 3. «Nebitçi» 22 11 4 7 37-31 37 4. «Ahal» 22 11 2 9 37-29 35 5. «Aşgabat» 24 9 3 12 35-51 30 6. «Köpetdag» 24 8 4 12 31-48 28 7. «Energetik» 23 5 2 16 16-44 17 8. «Şagadam» 22 3 5 14 15-36 14 9. «Merw» 23 3 4 16 16-43 13

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir