22-nji dekabrda Moskwa şäherinde meşhur «Pravda Old School Boxing» boks promouşeniniň nobatdaky turniri geçiriler. Turnir «Lužnikide» ýerleşýän Halkara boks merkezinde geçirilip, ol Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanar. Turniriň gatnaşyjylarynyň arasynda Russiýanyň, Ermenistanyň, ABŞ-nyň, Täjigistanyň we beýleki ýurtlaryň meşhur boksçylary bar. Boks agşamynyň gyzykly tutluşyklarynyň biriniň türkmen türgeni Ýunus Gurbanow bilen russiýaly Sergeý Seliwestrowyň arasynda bolmagyna garaşylýar. Ýeri gelende bellesek, turniriň esasy böleginde üç sany çempionlyk tutluşygy bolar. Olarda Şamil Hataýew bilen Pius Mpenda, Wladislaw Tuýnow bilen Erik Muun, Dawid Dzukaýew bilen Abubakar Suleýmanow özara güýç synanyşarlar. Öňdäki tutluşyk Ýunus Gurbanowyň «Pravda Boxing» promouşenindäki ikinji çykyşy bolar. Ol mundan ozal şu ýylyň awgust aýynda başga bir russiýaly boksçy Dmitriý Andreýewi ýeňlişe sezewar edipdi. Emma bu gezek Ýunus Gurbanowyň garşydaşynyň has tejribeli we güýçli türgendigini bellemek gerek.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir