2024-nji ýylyň başynda Aşgabatda hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün — 20-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Aşgabatda guraljak mejlisiň dowamynda ykdysadyýetde, bilimde, ylymda we beýleki pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ulanmak bilen baglanyşykly meseleleriň uly toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir