Arkadag şäheriniň adybir futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň taryhynda bir möwsümde 100 göterimlik netije görkezen ilkinji topar boldy. Şeýlelikde, milli çempionatyň 31 möwsümlik taryhynda ilkin ilkinji gezek bir topar möwsümdäki ähli duşuşyklaryny ýeňiş bilen tamamlady. Şu ýylyň baharynda döredilen «Arkadag» futbol topary milli çempionatdaky ilkinji möwsüminde 24 duşuşyk geçirip, olaryň ählisinde ýeňiş gazandy. Bu duşuşyklarda 72 utuk toplan topar garşydaş derwezelere 83 gol geçirip, öz derwezesinde 17 gol gördi. Ilkinji möwsüminde ýurduň çempiony bolan topar Türkmenistanyň kubogyna hem mynasyp bolmaga ýakyn. Ýarymfinal duşuşyklarda «Altyn asyrdan» üstün çykan «Arkadag» topary finaldaky bäsdeşine garaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir