Düýn 25-nji tapgyryň duşuşygynda iki gezek tapawutlanan Wahyt Orazsähedow möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda ikinji orna göterildi. Indi onuň çempionatyň şu möwsümindäki gollarynyň sany 12-ä çykdy. Wahyt Orazsähedow ikinji orun üçin topardaşy Myrat Annaýew bilen ýaryşýar. Mundan ozal ikinji orunda 11 golly Myrat Annaýew bardy. Möwsümiň iň netijeli oýunçylarynyň sanawynyň başyny «Arkadag» futbol toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew çekýär. Ol möwsümde 27 gezek tapawutlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir