Režissýor Takasy Ýamadzaki tarapyndan ekranlaşdyrylan, uruşdan soňky döwürde Ýaponiýada peýda bolan meşhur mahluk barada gürrüň berýän «Godzilla – 1.0» filmi gara-ak reňkde ekranlara goýberiler. Bu barada TOHO prokatçysynyň resmi habarynda aýdylýar diýip, «Kinonews.ru» ýazýar. Film öňdäki ýylyň başynda prokata goýberiler. Onuň reňkli görnüşi 2023-nji ýylda ekranlara çykyp, dünýäde köp kassa ýygymyny toplady hem-de äpet süýrenijä bagyşlanan iň girdejili taslamalaryň biri boldy. TOHO prokatçysy «Godzilla Minus Color» («Godzilla reňksiz») atly täze nusganyň üstünde režissýor Ýamadzakiniň uzak wagtlap işländigini habar berdi. Režissýoryň özi täze nusgany tomaşaçylaryň hakyky gorkyny başdan geçirmegi üçin taýýarlandygyny gürrüň berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir