Türkmenistanda tebigy gurşawyň ýagdaýyna gözegçilik ylmy taýdan esaslandyrylan çäreleriň we olaryň esasynda işlenip düzülen teklipleriň hem-de kararlaryň toplumy hasaplanýar. Türkmenistanda daşky gurşawy hapalaýan çeşmelere gözegçilik etmek boýunça ygtyýarly edara Daşky gurşawy goramak ministrligi bolup, ol döwlet daşky gurşaw syýasatyny alyp barýar we daşky gurşaw kanunçylygynyň berjaý edilýändigini alamatlandyrýar. Daşky gurşawy goramak ministrliginiň BMGÖM-iň ýanyndaky «Durnukly şäherler» taslamasynyň daşky gurşawa gözegçilik we baha bermek boýunça hünärmeni Wiktoriýa Akopowa «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň sahypalarynda ýurtda howanyň arassalygynyň ýagdaýyna gözegçilik edilişi barada giňişleýin gürrüň berdi. «Ýurduň howasynyň ýagdaýyny öwrenmek boýunça köp wagtlyk tejribäniň bir bölegi — senagat zolaklarynda ýollaryň golaýynda ornaşdyrylýan stasionar gözegçilik nokatlaryny ulanmak bolup durýar. Bu nokatlarda wagtyň geçmegi bilen has takyklaşýan we kämilleşýän ölçeg gurallarynyň toplumy bar. Enjamlar günüň dowamynda, ortaça, iki gezek hasaba alýarlar we howada hapalaýjylaryň, şonuň ýaly-da tozanyň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlaýar. Türkmenistanyň şertlerinde iň meseleli görkeziji ýagyşly möwsümlerden başga wagt hemişe dowam edýän tebigy tozan bolup durýar. Gözegçilik nokatlarynda ýygnanan we özleşdirilen maglumatlara esaslanyp, gündelik ýörite býulleten çykarylýar. Türkmenistanda esasy iri senagat desgalarynyň şäheriň çäginden daşarda ýa-da maglumatlarda berlişi ýaly, çetde ýerleşýär, bu bolsa ekologlarda kän bir alada döretmeýär. Ýurduň paýtagtynda we esasy şäherlerinde howanyň hapalanmagynyň görkezijisi ykdysadyýetiň iň hapalanýan pudagynyň — transportyň işini göz öňünde tutsaň, kadaly çäklerde galýar. Bu ýagdaý görülýän birnäçe çäreleriň netijesinde gazanyldy: soňky on ýylda ýurtda belli bir möçberdäki hereketlendirijili köne marka awtoulaglaryň getirilmegi gadagan edildi. Şeýle hem howa gurşawynda tüsse döretmäge ukyply uly göwrümli tehnikalar şäheriň çägine girmeýär. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýaly iri kärhanalarda zyňyndylar häzirki zaman arassalaýyş enjamlarynyň ulanylmagy netijesinde bellenen çäklerden geçmeýär. «Durnukly şäherler» bilelikdäki taslamanyň çäginde şäher gurşawynyň ýagdaýyny barlamagy gowulandyrmaga gönükdirilen işler alnyp barylýar. Enjamlar ekologik gözegçilik nokatlary üçin gerekli enjamlar we materiallar satyn alynýar. Ähli enjamlar Türkmenistanda ulanmak üçin hökmany şahadatnama eýe bolýar. Şeýle hem döwlet ekologlary wagtal-wagtal hünär taýýarlygyny ýokarlandyrýarlar we täze gurallar bilen işlemegi öwrenýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir