Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň çempiony «Arkadag» futbol topary Ýokary liganyň şu möwsüminde ähli duşuşyklaryny geçirip tamamlan ilkinji üç toparyň biri boldy. Çempiondan başga-da «Aşgabat» we «Köpetdag» toparlary hem möwsümde meýilleşdirilen ähli duşuşyklaryny geçirdiler. Çempion ilkinji möwsüminde Ýokary liganyň taryhynda nähili yz galdyryp bildi? Habarymyzda bu baradaky aýratynlyklara ünsüňizi çekmek isledik. ― Topar çempionatyň taryhynda çykyş eden 34 toparyň arasynda geçiren duşuşyklarynyň sany boýunça 32-nji orna ýerleşdi. «Arkadag» futbol toparynyň çempionatdaky ilkinji möwsüminde 24 duşuşyk geçirendigini ýatladýarys. Çempion topardan aşakda SMM+ we «Babadaýhan» toparlary bar. Bu toparlaryň ilkinji çempionatda 20, ikinjisi bolsa 18 duşuşyk geçirdi. ― Çempion topar Ýokary liganyň taryhynda iň kän ýeňiş gazanan toparlaryň sanawynda 19-njy orna göterildi. ― Toparyň möwsümde bir duşuşykda-da deňme-deň oýnamandygyny we ýeňilmändigini ýatladýarys. ― Çempionatdaky ilkinji möwsümini 83 gol bilen tamamlan «Arkadag» topary Ýokary liganyň taryhynda iň kän gol geçiren toparlaryň sanawynda 19-njy orna ýerleşdi. ― Möwsümde derwezesinden bary-ýogy 17 gol geçirden topar häzirem 34 toparyň arasynda derwezesine iň sak topardyr. ― Topar ilkinji möwsüminde 72 utuk toplady. Bu bolsa ony çempionatyň taryhynda iň kän utuk toplan toparlaryň arasynda 19-njy orna göterdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir