Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy we pasport.gg elektron sport platformasyna wekilçilik edýän «Aurora Gaming OÜ» kompaniýasy hyzmatdaşlygy ýola goýdy diýip, TMESF-niň resmi neşiri habar berýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde «Aurora Gaming OÜ» TMESF-ni elektron sport ýaryşlaryny guramak we geçirmek, şeýle hem maglumat bazalaryny, çäreleri we ýaryşlary dolandyrmak üçin gurallar toplumy bilen üpjün eder. Bu gurallar oýun pudagynyň öňdebaryjy tejribesine esaslanýar hem-de TMESF-niň işini kämilleşdirmäge ýardam eder. Mundan başga-da, «Aurora Gaming OÜ» we TMESF bilelikde Türkmenistanyň bilim edaralarynda elektron sporty ösdürmegiň we durmuşa geçirmegiň meýilnamasyny taýýarlar. «Biz Türkmenistanda kibersportuň ösdürilmeginde uly mümkinçilikleri görýäris» — diýip, «Aurora Gaming OÜ» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň biri Ignat Bobrowiç belleýär. — Biziň barlaglarymyz elektron sportunyň okuw meýilnamasyna dogry integrirlenmeginiň akademiki netijeleri gowulaşdyryp biljekdigini görkezýär. Pasport.gg platformasynyň gurallary bolsa elektron sportyna okuwçylary höweslendirmek we çekmek üçin gural hökmünde kömek eder». TMESF bilen «Aurora Gaming OÜ» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk Türkmenistanda elektron sportuny ösdürmekde möhüm ädimdir. Ol Türkmenistanyň halkara elektron sport arenasyndaky ornuny pugtalandyrar we ýaşlaryň arasynda elektron sporta bolan gyzyklanmany artdyrar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir