Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda asly türkmen bolan eýranly meşhur aýdymçy Emin Raseniň baýramçylyk konserti geçiriler. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Konsert 24-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler. Konsert sagat 18:00-da başlanar. Konsertiň dowamynda eýranly meşhur aýdymçy Emin Rasen özüne meşhurlyk getiren aýdymlaryny ýerine ýetirer. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 21-26-58, 21-26-74, 21-26-71, 21-28-41 Ýeri gelende bellesek, Emin Rasen Türkmenistanda ilkinji gezek konsert berýär. Mundan ozal, 25-nji dekabrda Aşgabatda türkiýeli ýyldyz aýdymçylar Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň konsertiniň geçiriljekdigini habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir